Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak polisiýasy Saddam döwri üçin ötünç soraýar


Yragyň polisiýasy diktator Saddam Hüseýniň ýurdy dolandyran ýyllarynda eden işleri üçin ötünç sorady.

Içeri işler ministrliginiň beýanatynda “polisiýa öz borjuna girmeýän işler bilen meşgullanmaga mejbur edildi” diýilýär.

Bu beýanat yrak polisiýasynyň döredilmeginiň 90 ýyllygy mynasybetli çap edildi.

Emma geçmişde edilen bikanun işler üçin ötünç soralýandygyna garamazdan, Yragyň howpsuzlyk güýçleri, polisiýa we goşun adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan häzir hem tankyt edilýär.

Hukuk toparlary olary eli agyrlykda, eden-etdilikli tussag etmelerde we hukuk bozmalarda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG