Sepleriň elýeterliligi

Gynalan gelin gaýynlarynyň jezalandyrylmagyny isleýär


Kämillik ýaşyna ýetmänkä durmuşa çykarylyp, aýlap gynalan owgan gyzy özüne ejir beren adamlaryň türmä basylmagyny isleýändigini ýene bir gezek gaýtalady.

Kabul hassahanasynda bejergi alýan Sahar Gül dekabryň aýagynda polisiýa tarapyndan halas edildi.

Sahar “Assoşeýted Press” habar gullugyna beren gürrüňinde öz adamsynyň we onuň maşgalasynyň özüne ýuwutduran hunabasy üçin tussag edilmegine umyt baglaýandygyny aýtdy.

Ol bu sözleri ozal Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna, “Azat Owganystan” radiosyna beren interwýusynda hem dile getiripdi.

Baglan welaýatynyň polisiýasy gaýynlarynyň ony ten satmakdan boýun gaçyrany üçin ýerzemine salyp, aýlap gynandyklaryny aýtdy.

Saharyň adamsynyň ene-tasy we uýasy tussag edildi, özi gözlenýär.
XS
SM
MD
LG