Sepleriň elýeterliligi

“Neutral Turkmenistan” gazetiniň ilkinji sany çykdy


Türkmenistan iňlis dilindäki ilkinji gazetini neşir edip başlady.

TDH “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň iňlis dilindäki goşmaçasy bolan “Neutral Turkmenistan” gazetiniň ilkinji sanynyň çap edilendigini habar berýär.

Bu neşir prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary esasynda, köpçülikleýin habar serişdeleriniň işini kämilleşdirmek hem-de halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrmak üçin döredilipdi.

Biraz öň prezident Berdimuhamedow rus dilindäki “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň baş redaktory Wladimir Gubanowy wezipesinden boşadypdy. Onuň ýerine Wiktor Zaýsew baş redaktorlyga bellendi.
XS
SM
MD
LG