Sepleriň elýeterliligi

Ekspert: “Türkler bilen türkmenleriň arasynda oňuşmazlyk ýok”


Kamer Kasym: "Kimdir biri Türkmenistanyň garşysyna bir söz aýtsa, bu Türkiýäniň garşysyna hem aýdylan söz we, tersine, Türkiýäniň garşysyna aýdylan sözüň Türkmenistana garşy hem aýdyldygydyr".

Kamer Kasym: "Kimdir biri Türkmenistanyň garşysyna bir söz aýtsa, bu Türkiýäniň garşysyna hem aýdylan söz we, tersine, Türkiýäniň garşysyna aýdylan sözüň Türkmenistana garşy hem aýdyldygydyr".

Wenada ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” guramasy ýakynda öz websaýtynda türkmen telewideniýesinde efire berilmändigi aýdylýan wideosýužeti ýerleşdiripdi. Ol ýerde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtda alnyp barylýan gurluşyklar boýunça ýolbaşçylar bilen geçiren maslahaty görkezilýärdi.

Bu wideosýužetde Berdimuhamedow Türkmenistanda iş alyp barýan türk kompaniýalaryny ýakymsyz hasaplanan sözler bilen häsiýetlendirýär. Prezidentiň bu sözi Türkiýäniň internet älemine ýaýrap, türk jemgyýetiniň arasynda dürli garaýyşlaryň döremegine getirdi.

“Aktual gürrüň” atly programmamyzyň bu sanynda biz şol wideosýužetiň Türkiýede nähili garşylanandygy dogrusynda düýbi Ankarada ýerleşýän Halkara strategiýa barlaglary merkeziniň wise-prezidenti, professor doktor Kamer Kasym bilen söhbetdeş bolduk.

Azatlyk Radiosy: Siz türkmen prezidentiniň şol çykyşy barada nämeler aýdyp bilersiňiz?

Kamer Kasym

Kamer Kasym

Kamer Kasym: Ilki bilen-ä, Türkmenistanyň prezidentiniň türk kompaniýalary, umuman türkler barada şeýle çykyş etmegi, iki ýurduň özara gatnaşyklary göz öňünde tutulanda, gaty bir ýerliksiz hem uslypsyz boldy. Sebäbi türkmenler we türkler etnik taýdan bir millet, dillerimiz hem biri-birine gaty ýakyn. Şol sanda biziň aramyzda juda berk medeni baglanyşyk hem bar. Bu ýagdaýda haýsy tarap bolsa bolsun, tapawudy ýok, bir döwlet beýleki döwletiň wekiline gatyrganyp paýyş söz aýtsa, onda bu söz onuň öz-özüne hem degişli bolýar. Sebäbi, ýaňky aýdyşym ýaly, medeni taýdan Türkmenistan bilen Türkiýe biri-birine juda ýakyn.

Elbetde, men Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýle gazaply görnüşde çykyş etmegine nämäniň sebäp bolandygyny biljek däl. Ýöne nähili hem bolsa, her bir döwletiň baştutany ýa-da premýer-ministri beýleki bir döwletiň kompaniýlary ýa-da adamlary barada öz pikirini aýdanda juda seresaplylyk bilen diýjek sözüni saýlap ulanmaly. Üstesine-de beýleki adamlaryň göwnüne degip, iki ýurduň özara gatnaşyklaryna zyýan ýetirip biljek sözleri agzyna almazdan ozal, bu barada juda ägä bolmaly.

Men türkmen prezidenti wideoýazgyda aýdan zatlary üçin nähilem bolsa ötünç sorar ýa-da bu çykyşyna düşündiriş berýän beýanat ýaýradar diýip, umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Bu wideoýazgy ynsan hökmünde siziň özüňizde nähili täsir galdyrdy?

Kamer Kasym: Bilýäňizmi, adamlaryň arasyndaky gepleşiklerde her zat bolup bilýär. Men gepleşigiň formal ýa-da formal däldigi barada gürrüň edemok. Käwagt adamlar gürrüňdeşligiň dowamynda ýüregindäki bir zady agzyndan sypdyryp goýberýär. Bu olaryň köp ýagdaýda muny çyn ýüregi bilen aýdandygyny-da aňlatmaýar.

Prezident Berdimuhamedow hem türklere garşy aýdan sözlerini gara çyny bilen aýdan däldir diýip, umyt edesim gelýär. Belki-de, prezident muny bir bolup geçen oňaýsyz waka reaksiýa bilidirip, gaharyna aýdandyr. Ýöne men nämäniň onuň gaharyny şo derejede getirip bilendigini biljek däl.

Ýene-de bir gezek belläp geçisim gelýär, men onuň dogrudan hem bu zatlary aýtjak bolup aýtmandygyna umyt edýärin. Şonuň üçin hem prezidentiň bu sözleri üçin ötünç sorajakdygyna ýa-da beýanat ýaýratjakdygyna umyt edýän.

Azatlyk Radiosy: Siz ýaňy prezidentiň bir zada gaharynyň gelip, bu sözleri aýdan bolmagynyň mümkindigini bellediňiz. Belki-de, ol türk kompaniýalarynyň işlerinden nägile bolandyr? Sebäbi, bilşimiz ýaly, hatda ençeme türk şirketleri türkmen hökümetini, tölegleri tölemedi diýip, halkara arbitraž suduna hem beripdi.

Kamer Kasym: Eger-de Türkmenistanda iş alyp barýän käbir türk şirketleri bilen kynçylyklar bar bolsa, onda Aşgabat bu ýagdaýy Türkiýäniň hökümetine bildirmeli. Gaty sözleri ulanmagyň geregi ýok.

Ýöne başga bir ýagdaý, wideoýazgydan görnülşi ýaly, prezident bu sözleri jemgyýetiň öňünde däl-de, proýektleriň tanyşdyrylyş çäresinde aýtdy. Netijede, hiç bir erbet hyýaly bolmazdan, bu onuň dilinden sypan bolmagy mümkin. Emma her näme bolsa-da, ýurduň başyndaky adam öz aýtjak sözüni seresaplyk bilen saýlap ulanmaly. Üstesine-de, käbir türk kompaniýalary bilen kynçylyklar bar bolsa, onda mundan zeýrenmegiň ýerine bu meseläni türk hökümetine ýetirmeli.

Ýene-de bir gezek nygtap geçesim gelýär, türkler bilen türkmenleriň arasynda düýpli oňuşmazlyk diýen zat ýok. Sebäbi kimdir biri Türkmenistanyň garşysyna bir söz aýtsa, bu Türkiýäniň garşysyna hem aýdylan söz we, tersine, Türkiýäniň garşysyna aýdylan sözüň Türkmenistana garşy hem aýdyldygydyr. Bu ýagdaýy türkmen prezidenti hem bilýändir diýip, umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Bu gürrüňi edilýän türkmen prezidentiniň çykyşynyň wideosynyň aşagynda türk raýatlarynyň dürli-dürli mazmunly teswirlerini görmek bolýar. Men siziň bu wideoýazga şahsy garaýşyňyzy eýýäm soradym. Indi bu wideoýazgy bilen bagly Türkiýedäki umumy garaýyşlar barada soramakçy.

Kamer Kasym: Elbetde, bu wideony görmek Türkiýäniň raýatlaryna gaty ýakymsyz. Ýöne bu wideony gören we meniň söhbetdeş bolan adamlarymyň hiç biri ne Türkmenistan, ne-de türkmenler barada bir kelam agyr söz aýtmady. Bu diňe türkmen prezidentiniň şahsy ýakymsyz çykyşy boldy. Munuň jemgyýetiň ýa-da türkmen administrasiýasynyň resmi garaýşy däldigine hemmeler gaty gowy düşünýär. Türkiýäniň aglaba ýaşaýjylary hem men ýaly pikir edýändir diýip hasaplaýan, ýagny türkmen prezidentiniň bu ýakymsyz çykyşyndan ugur alyp, muny türkmen halkynyň ýa-da türkmen hökümetiniň pikiri hökmünde asla umumylaşdyryp bolmaz.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, türkmen prezidentiniň çykyşy Türkiýe bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryna täsirini ýetirip bilermi?

Kamer Kasym: Meniň çakymça, bu ýagdaý özara gatnaşyklara hiç bir täsir ýetirmez. Meniň pikirimçe, ýagdaýlar ýakyn wagtyň içinde durnuklaşsa gerek. Häzir iki tarap hem beýanat bilen çykyş etse gowy boljak. Men ol ilkinji ädimi Türkmenistan eder diýip, umyt edýärin.

Eger-de şol wideoýazgyda Berdimuhamedowyň aýdan sözlerine türkmen häkimiýetleriniň resmi pozisiýasy hökmünde garalsa, onda, elbetde, iki ýurduň özara gatnaşyklarynda belli bir kynçylyklaryň döremegi mümkin. Ýöne men ýagdaýyň beýle derejä ýazar öýdemok. Men Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ähli zadyň gowy boljakdygyna ynanýaryn.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG