Sepleriň elýeterliligi

2011-nji ýyldaky futbol möwsüminiň “Iň gowy sudýasy”


Röwşen Ermatow

Röwşen Ermatow

Dünýädäki futbol eminleriniň işine baha berýän Worldreferee.com saýty özbegistanly sudýa Röwşen Ermatowy 2011-nji ýyldaky futbol möwsüminiň “Iň gowy sudýasy” diýip atlandyrdy.


Saýt dünýädäki futbol sudýalarynyň geçen ýyldaky işine seredip, 100 futbol sudýasyndan ybarat sudýalaryň sanawyny yglan etdi. Şol sanawda Röwşen Ermatow dünýädäki sudýalaryň arasynda iň gowusy diýlip atlandyrylyp, birinji orna mynasyp boldy. Geçen hepdäniň başynda Orsýetdäki “Ýewro-futbol” saýtynyň geçiren pikir soralyşygynyň netijesine görä hem özbegistanly Röwşen Ermatow dünýädäki iň gowy sudýa diýlip atlandyryldy.

2010-njy ýylda Röwşen Ermatowa “Futbol taryhy we federasiýasy” tarapyndan dünýä boýunça iň gowy sudýalaryň arasynda ikinji orun berildi. Ol şol ýyl Afrikada geçen dünýä çempionatynda ilkinji oýna sudýalyk etdi. Ermatow bir çempionatyň dowamynda jemi 5 oýna sudýalyk edip, futbol taryhyndaky üçünji sudýa diýlip atlandyrylypdy.

Azatlyk Radiosy Röwşen Ermatow bilen telefon arkaly gürrüňdeş bolup, ony bu üstünligi bilen gutlady.

Azatlyk Radiosy: Ynha, sizi birnäçe ýyldan bäri dünýä we aziýa futbol oýunlarynyň iň gowy sudýasy diýlip atlandyrýarlar. Sudýalar örän köp. Eýse, sudýa bolmakdaky esasy kynçylyklar nämelerden ybarat?

Röwşen Ermatow: Medeniýet, sungat, bilim we beýleki pudaklarda dünýäde tanalýan we ýurdumyzy tanadan özbegistanly ildeşlerimiz kän. Meni guwandyran zat özbek oglunyň öz hünäri, ýagny öz käri bilen dünýä özüni we Özbegistany tanatmagy.

Azatlyk Radiosy: Siz arkaly dünýä Özbegistany tanaýar şeýle dälmi?

Röwşen Ermatow: Ýok, diňe men arkaly däl, köpçülik arkaly tanaýar. Men Özbegistany dünýä tanadan adamlaryň biri bolanyma guwanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Siz futbol oýnunda sudýa bolanyňyzda özüňizi örän agras tutýarsyňyz. Durmuşda hem şeýlemi?

Röwşen Ermatow: Ýok, men durmuşda onuň ýaly däl. Oýunda ýagdaýa görä bolmaly bolýar. Kämahal oýunçylar bilen şeýle gatnaşykda bolmaly bolýar. Bu ýagdaý futbol oýny we oýunçylar bilen bagly bolýar.

Azatlyk Radiosy: Futbol oýny 90 minut dowam edýär. Şol 90 minudyň dowamynda kim köp ylgaýar: oýunçymy ýa-da sudýa?

Röwşen Ermatow: Sudýa köpräk ylgaýar. Sebäbi futbol oýunçysynyň oýnuň dowamynda demini dürsemäge wagty bolýar. Emma sudýa top nirede bolsa ol hem şol ýerde bolmaly. Häzirki talap - sudýa topdan 10-15 metrden uzakda bolmaly däl. Bu, elbetde, sudýa oýunçylardan köpräk ylgaýar we köpräk hereket edýär diýmekdir.

Azatlyk Radiosy: Siz sudýa bolanyňyzda siziň üçin iň agyr bolan oýun barada aýdyp bilermisiňiz?

Röwşen Ermatow: Men hiç bir oýny-da kyn ýa agyr oýun boldy diýip aýdyp biljek däl. Sebäbi şu aňsat oýun bolar diýip umyt eden oýnuňyzyň iň kyn oýna öwrülmegi mümkin. Onsoňam her bir oýna iň kyn oýna taýýarlyk görýän ýaly taýýarlanmaly. Diňe şonda agyr hasaplanan oýny-da ýeňil geçirmek mümkinçiligi döreýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG