Sepleriň elýeterliligi

Merkel, Sarkozi maliýe krizisi boýunça gepleşik geçirýär


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi şu gün Berlinde duşuşýarlar. Duşuşygyň gün tertibinde Ýewropa Bileleşigine abanýan maliýe krizisini ýeňip geçmek barada mesele durýar.

Maglumatlara görä, Ýewropanyň ösen iki döwletiniň liderleri maliýe transaksiýalary üçin bütin Ýewropa boýunça täze salgydy girizmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşarlar. Bu salgyt “Tobin” ady bilen hem tanalýar.

Bu salgyda Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron garşy çykýar we onuň Londonyň global maliýe merkezine ýaramaz täsirini ýetirjekdigini aýdýar.

Ýekşenbe güni eden çykyşynda Kameron bu salgyda garşy Britaniýanyň öz wetosyny ulanjakdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG