Sepleriň elýeterliligi

Gazak partiýalarynyň teledebaty 12-nji ýanwara bellendi


Gazagystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy syýasy partiýalaryň teledebatyny 12-nji ýanwara belledi. Bu partiýalar öňümizdäki ýekşenbe güni wagtyndan öň geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşarlar.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň agzasy Lýazzet Suleýmeniň aýtmagyna görä, iki sany tema – “Ykdysadyýet – ýurduň ösüşiniň özeni” we “Gazagystanda adam kapitalyny ösdürmek” boýunça çekeleşikler geçiriler.

Çekeleşige gatnaşmak üçin sekiz sany partiýa hasaba alnypdyr.

Gazagystanyň konstitusion geňeşiniň kararyna laýyklykda, Žanaözen şäherinde ses berişlik geçirilmez. Bu şäherde köpçülikleýin bidüzgünçiliklerden soň adatdan daşary ýagdaý dowam edýär.
XS
SM
MD
LG