Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa Hytaý-Günorta Koreýa sammitiniň gün tertibinde


Hytaýyň we Günorta Koreýanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilýän sammitiň gün tertibinde uzak wagtlap häkimiýeti dolandyran Kim Çen Irden soňky Demirgazyk Koreýanyň geçiş döwri möhüm mesele bolup durýar.

Günorta Koreýanyň prezidenti Li Mýuň Bak şu gün üç günlük sapar bilen Hytaýa bardy. Ol Hytaýyň prezidenti Hu Jintao bilen gepleşikler geçirýär. Bu 17-nji dekabrda Kimiň aradan çykmagyndan soň iki ýurduň prezidentleriň arasynda geçirilýän ilkinji duşuşyk bolup durýar.

Hytaý Demirgazyk Koreýanyň ýakyn ýarany we söwda hyzmatdaşy bolmak bilen, Kim Çen Iriň ogly Kim Çen Uny, ýurduň baş liderini goldap çykyş etdi.

Synçylaryň aýtmaklaryna görä, Seul Demirgazyk Koreýa meselesinde Hytaý bilen has ýakyn hyzmatdaşlyga ymtylýar.
XS
SM
MD
LG