Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň prezidenti Ahmedinejad Wenesuela sapar edýär


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad Latin Amerikasynyň dört ýurduna saparynyň çäginde şu gün Wenesuela bardy. Bu prezident Ahmedinejadyň Wenesuela edýän bäşinji saparydyr.

Ahmedinejad ABŞ-ny tankytlamakda öz ýarany prezident Hugo Çawez bilen duşuşýar. Şeýle hem şu hepde Ahmedinejadyň Nikaragua, Kuba we Ekwadora sapar etmegine garaşylýar.

Ahmedinejadyň saparyndan öň, ABŞ Latyn Amerikasy ýurtlarynyň Eýran bilen gatnaşyklaryny berkitmekden saklanmagyna çagyryş etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Eýran Yslam Respublikasynyň režiminiň gapma garşylykly ýadro programmasy sebäpli halkara basyşlara, şol sanda sanksiýalara sezewar edilýändigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG