Sepleriň elýeterliligi

Eýran amerikan "içalysyny" ölüm jezasyna höküm etdi


Şu gün Eýranyň kanun goraýjy edarasy içalyçylykda aýyplanan eýran-amerikan raýatyna ölüm jezasynyň berlendigini mälim etdi.

Eýranyň kanun goraýjy edarasynyň sözçüsi Golamhusseýin Mohseni-Ejeiýe salgylanyp, IRNA habar agentligi Amir Mirza Hikmatynyň "duşmançylykly amerikan hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edenlikde" we "Merkezi aňtaw gullugyna içalyçylykda" aýyplanyp, ölüm jezasyna höküm edilendigini ýazdy.

Birleşen Ştatlarda doglan Hikmaty eýranly immigrantyň ogly. Onuň amerikan deňiz gullugynda terjimeçi bolup işländigi aýdylýar.

Eýran 28 ýaşly Hikmatyny dekabr aýynda tussag edendigini mälim edipdi.

Eýranyň häkimiýetleri Hikmatynyň Owganystanada we Yrakda tälim alandygyny, soňra bolsa Eýrana ugradylandygyny aýdýarlar.

ABŞ Hekmatynyň boşadylmagyny talap edýär.
XS
SM
MD
LG