Sepleriň elýeterliligi

Eýran amerikan "içalysyna" ölüm jezasyny berýär



Eýranyň ISNA habar agentligi ýurduň Baş prokurory Gulamhussaýyn Mohseni Ejaýa salgylanyp çap eden maglumatynda, asly eýranly amerikan raýaty Amir Mirza Hikmatynyň duşman döwletiň bähbidine gulluk etmekde aýyplanyp, ölüm jezasyna höküm edilenligini habar berýär.

Mohsen Ejaýynyň aýtmagyna görä, Hikmatynyň bu karara garşy ýokary suda ýüzlenmäge 20 gün möhleti bar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Eýranyň habar serişdelerinde bu barada çap edilýän maglumatlardan özüniň habarlydygyny belledi.

Eýranyň aňtaw gullugy 28 ýaşly Hikmatynyň Eýranyň goňşusy Owganystanda hem Yrakda ýerleşýän amerikan harby bazalarynda amerikan harbylary tarapyndan türgenleşdirilenligini habar berýär.

Mundan ozal Eýranyň Adalat ministrligi Hikmatynyň ABŞ-nyň aňtaw gullugy bilen ilteşiginiň bardygy baradaky aýyplamany boýun alanlygyny, emma muňa garamazdan, özüniň Eýrana zeper ýetirmek niýetiniň ýokdugyny aýdanlygyny habar beripdi.

Dekabr aýynda Eýranyň döwlet telekanalynda Hikmatynyň özüniň amerikan harbylary tarapyndan aňtawçylyk usullary boýunça türgenleşdirilip, Amerikanyň Merkezi aňtaw gullugynyň bähbidine işlemek üçin Tährana iberilenligini boýun alýan wideoýazgysy görkezilipdi.

“Mejbury ýagdaýda”

Amerikaly resmiler Hikmatynyň şol beýanaty mejbury ýagdaýda berenligini aýdýarlar. Hikmatynyň maşgala agzalary hem onuň ýazgyda aýdan pikirlerini boýun almaga mejbur edilenligini habar berýärler. Olaryň aýtmagyna görä, Hikmaty ABŞ-nyň harbylarynyň terjimeçisi hökmünde Yrakda hem Owganystanda işläpdir.

Hikmatynyň maşgala agzalary Hikmatynyň öz enesini görmek üçin Tährana baranda tussag edilenligini aýdýarlar. Olar Hikmaty bilen bagly diňlenişikleriň adalatly geçirilmeýänliginden hem şikaýat etdiler.

Hikmaty ABŞ-nyň Arizona ştatynda doglup, Miçigan ştatynda orta mekdebi tamamlaýar. Onuň kakasy Ali Hikmaty Miçiganda ýerleşýän kollejiň mugallymy. Ali Hikmaty hem oglunyň Amerikanyň Merkezi aňtaw gullugynyň bähbidine işlemeýänligini, öz maşgala agzalarynyň sentýabr aýynda ABŞ-nyň Döwlet departamenti bilen gatnaşyk guranlygyny mälim etdi.

ABŞ Hikmatynyň boşadylmagyny talap edýär. Döwlet Deprtamentiniň maglumatyna görä, Eýran Şweýsariýanyň Tähranda ýerleşýän ilçihanasynyň diplomatlaryna Hikmaty bilen duşuşmaga hem rugsat etmändir.

Eýranyň sudy tarapyndan çykarylan şu günki karar Günbatar bilen Eýranyň arasynda dartgynlygyň barha möwjeýän pursatyna gabat geldi. Mälim bolşuna görä, Günbatar Eýranyň jedelli ýadro programmasy bilen baglylykda Tähranyň garşysyna girizen ykdysady sanksiýalaryny barha artdyrýar.
XS
SM
MD
LG