Sepleriň elýeterliligi

Hytaý ABŞ-nyň täze harby strategiýasyny tankytlaýar


Şu gün Hytaý ABŞ-nyň Aziýa gönükdirilen täze goranmak strategiýasyny tankytlady. ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bu strategiýa barada geçen hepdäniň penşenbe güni yglan edipdi. Bu strategiýa ABŞ-nyň Aziýa-Ýuwaş okeany regionyndaky harby pozisiýasyny berkitmeklige gönükdirilen.

Hytaýyň goranmak ministri ABŞ-ny "ulanylýan sözler we hereketler" dogrusynda seresaply bolmaga çagyrdy we ABŞ-nyň täze goranmak strategiýasynyň täsirine Hytaýyň ýakyndan gözegçilik edýändigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG