Sepleriň elýeterliligi

Polýak prokurory metbugat ýygnagyndan soň özüni tüpeňledi


Polşanyň harby prokurory iki ýyl ozal Polşanyň prezidentiniň ölümine sebäp bolan uçar heläkçiligine degişli maglumat syzmalary baradky derňewi gorap guran metbugat ýygnagyndan soň özüni tüpeňledi.

Ýerli media harby prokuror Mikolaý Przybylyň Poznan şäherindäki edara jaýynda gana bulaşyp ýatan görnüşde tapylyp, hassahana ýerleşdirilendigini aýdýar.

Ol biraz öň 2010-njy ýylyň 10-njy aprelinde Orsýetde ýykylan we prezident Lek Kaçinskiý bilen 95 adamy öldüren uçaryň derňewine degişli maglumatlaryň metbugata syzmagyny tankytlap, žurnalistleriň öz kabinetini terk etmegini sorapdy.

Şeýle-de ol prokurorlaryň bu derňewi beýan eden žurnalistleriň telefon ýazgylaryny gözlemäge hakynyň bardygyny aýdypdy.

Przybylyň janynyň howp astynda däldigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG