Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda partlan ulag bombalary 14 adamy öldürdi


Yrakdan gowuşýan habarlarda Bagdatda partlan iki ulag bombasynyň azyndan 14 adamy öldürendigi aýdylýar. Ol hüjümler polisiýa ofiserlerine we Kerbala şäherine barýan şaýy zyýaratçylaryna gönükdirilene çalym edýär.

Polisiýa we hassahana resmileri bombalaryň biriniň esasan şaýylaryň ýaşaýan al-Şaab etrabynda, polisiýa maşynynyň golaýynda partladylandygyny we alty adamy, şol sanda bir polisiýa ofiserini öldürendigini aýtdylar.

Ikinji bomba esasan sünnüleriň ýaşaýan ýeri bolan Muwasalat etrabynda partladylypdyr.

Muňa garamazdan, resmileriň aýtmaklaryna görä, 8 adamy öldüren bomba şaýy zyýaratçylaryny nyşana alypdyr.

Yrakda soňky kast ediş tolkunlary netijesinde, bir hepdeden az wagt içinde, esasan şaýylary nyşana alan partlamalarda 90-dan gowrak adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG