Sepleriň elýeterliligi

HAEG: Eýran täze ýerasty nokatda ýadro işlerine başlady


BMG-niň atom gullugy Eýranyň täze ýerasty kärhanada 20 prosente çenli baýlaşdyrylan urany öndürmäge başlandygyny tassyk etdi.

Halkara atom energiýasy gullugynyň sözçüsi Gil Tador Wenada bu işiň Kum şäheriniň golaýyndaky Fordow kärhanasynda başlanandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary Eýranyň öz ýadro programmasyny atom bombasyny edinmek üçin perde hökmünde ulanýandygyny aýdýarlar. Şu sebäpden olar golaýda Eýranyň ýadro programmasy sebäpli girizilen sanksiýalary giňeltdiler.

Eýran şu wagta çenli ýadro ýaragyny edinjek bolýandygyny ret edýär, ýöne BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň uran baýlaşdyrmagy bes etmek baradaky talabyndan boýun gaçyrýar.
XS
SM
MD
LG