Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Siriýada graždanlyk urşunyň tutaşmak ähtimallygyny duýdurýar


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan goňşy Siriýada “dini, mezhep we jynsparazlyk häsiýetindäki graždan urşunyň tutaşyp gelýändigini” duýdurdy.

Türkiýe al-Assadyň režiminiň oppozisiýadaky protestçileri güýç bilen basyp ýatyrmagyny tankytlap çykyş etdi, BMG Damask režiminiň zorlukly çäreleri netijesinde mart aýyndan bäri 5 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.

Erdogan metbugat ýygnagynda eden çykyşynda “prezident Başar al-Assadyň režimi öz halkyny rehimsiz gyrmagyny dowam etdirýär” diýdi. Ol “Türkiýe bu ýerde öňbaşçy rol oýnamalydyr” diýip, sözüniň üstüne goşdy we “Siriýadaky graždan urşy bize howp salýar” diýdi.
XS
SM
MD
LG