Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow saýlaw programmasy bilen çykyş etdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni milli telewideniýede prezidentlige kandidatyň programmasy bilen çykyş etdi.

Berdimuhammedow öz programmalaýyn beýanatynda Türkmenistany esasan agrar ýurtlugyndan senagat döwletine öwürmegi wada berdi. Şeýle-de ol ýurtda ýokary hünärli kadrlary taýýarlamaga uly üns beriljegini aýtdy.

“Biziň öňümizde syýasy sistemany ösdürmek, ýerli häkimiýetleriň pozisiýasyny berkitmek, jemgyýetçilik institutlaryny mundan beýläk hem demokratiýalaşdyrmak wezipesi dur” diýip, Berdimuhamedow özüniň täze partiýalary döretmegiň we garaşsyz metbugatyň işini talabalaýyk guramagyň tarapynda çykyş edýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanda häzire çenli diňe dolandyryjy partiýa bar we türkmen režiminiň tankytçylary onuň bikanun işleýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG