Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspert: 'Režime belet adamlar illýuziýalara aldanmaýar'


Foust: "Eger Berdimuhamedow has uly tapawut bilen saýlansa, bu bir zady, pesräk tapawut bilen saýlansa bolsa, belki, başga bir zady aňladar".
Foust: "Eger Berdimuhamedow has uly tapawut bilen saýlansa, bu bir zady, pesräk tapawut bilen saýlansa bolsa, belki, başga bir zady aňladar".
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 12-nji fewralda geçiriljek prezident saýlawlarynyň milli kanunçylyga laýyklykda, alternatiw esasda ýokary guramaçylyk derejesinde geçjekdigine, demokratik prinsipleriň, aç-açanlygyň berjaý ediljekdigine, saýlawlara jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň aktiw gatnaşjakdygyna ynam bildirýär. Emma ençeme ekspertler prezidentiň bu aýdanlaryna şübheli garaýarlar.

Şu meseleler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Amerikanyň howpsuzlyk proýekti” edarasynyň Merkezi we Günorta Aziýa boýunça alymy Joşua Foust bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan kandidatlarynyň sany boýunça iň kän adamly prezident saýlawlaryna barýar. Siz bu barada golaýda “The Atlantic” neşirinde çykan makalaňyzda hem ýazypsyňyz. Siziňçe, bu saýlawlara görülýän taýýarlyklar, olara gatnaşjak kandidatlar nämäni aňladýar?

Joşua Foust
Joşua Foust
Joşua Foust: Dogrusy, munuň nämäni aňladýandygyny anyklamak kyn, sebäbi Merkezi Aziýanyň taryhynda munuň ýaly zat ýok. Bu ýerde geçen ýylyň aýagynda Gyrgyzystanda bolan prezident saýlawlarynda bäsleşmäge çalşanlaryň sanynyň ýatlanmagy mümkin, ýöne ol açyk saýlaw bolupdy we adamlaryň hasaba alynmak ýa hasaba alynmazlyk babatda öz saýlamak, seçmek mümkinçiligi bardy. Emma Türkmenistanyň içinde beýle azatlyk ýok, men bu ýerde kandidatlyga hasaba alynýan adamlaryň resmi goldaw we Berdimuhamedowyň dolandyryjy partiýasy bilen baglylygyny nazarda tutýaryn. Onsoň men bu ýerde hakyky maksadyň nämeden ybaratdygyny hem anyk aýdyp biljek däl.

Ýöne bu ýerde iki sany esasy ähtimallyk bolup biler öýdýärin: olaryň birinjisi demokratiki saýlaw salgymyny döretmekden ybarat. Sebäbi bu Berdimuhamedowyň dolandyryşyna has kän kanunylyk manysyny berjek. Ozal ol şeýle kän kanunylyk manysyna eýe bolandan bolýardy. Meniň pikir edýän ikinji ähtimallygym ol nähilem bolsa bir ýol bilen halkara jemgyýetçiligine gowy görünjek bolýar. Ýöne munda hiç bir many ýok, sebäbi Türkmenistanyň hökümeti halkara jemgyýetçiligine demokratiýa we saýlawlar babatda gowy görünmäge hiç wagt isleg bildirmedi. Onsoň meniň üçin häzir prezidentlik saýlawlaryna şeýle köp kandidatyň gatnaşdyrylmagy ullakan bir syr bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň öz makalaňyzda hem ýazyşyňyz ýaly, saýlawlarda Berdimuhamedowyň ýeňjegi öňünden belli diýen ýaly. Şeýle-de bu saýlawlaryň kanunylygy, adalatlylygy we adyllygy barada bir topar soragyň dörejegi belli, muňa Berdimuhamedowyň özüniň hem göz ýetirýändigi çak edilýär. Şeýle ýagdaýda, Türkmenistanda bu saýlawlaryň geçirilmegine näme üçin zerurlyk duýulýar diýip pikir edýärsiňiz?

Joşua Foust: Hawa, men adaty türkmenleriň pikirini aňlap bilmeýärin, bu ýerde bir topar kynçylyk bar, bu ýurt köp derejede ýapyk. Hatda Berdimuhamedowyň özi hem bu barada kän bir zat aýtmaýar. Ol ýurtdan syzyp çykan widoýazgyda türklerden nägileligini bildirýär. Emma türkler onuň ýurdunda iň peýdaly adamlar bolup durýar. Onuň pikirleniş prosesi beýle bir aýdyň däl. Men ol yza, diktatorlarda bar bolan psihologiýa, öz dolandyryşyny nähilem bolsa bir ýol bilen, zuluma garanda ýasama saýlawlar arkaly uzaltmak zerurlygyna dolanyp gelýär diýip pikir edýärin.

Saddam Hüseýin hem şeýle edipdi, ýagny öz prezidentligi boýunça yzygider saýlaw geçiripdi. Ýogsam onuň ýeňjegine şübhe ýokdy, eger biri oňa garşy ses berse, jezalandyrylyp öldürilmek töwekgelligine uçraýardy. Emma ol şonda-da saýlaw geçirdi. Hatda Demirgazyk Koreýa hem ýerli häkimiýetler derejesinde käbir saýlawlary geçirýär. Men bu ýerde repressiw jemgyýetlerde käbir sebäplere görä şeýle islegiň, saýlawlar arkaly kanuny görünmek isleginiň bardygyny aýtjak bolýaryn. Ýogsam ol saýlawlar ýasama ýa durşuna galplyga ýugrulandyr we diňe režimiň zulumkärligini berkidýändir. Emma şonda-da olarda men bu saýlawlarda ýeňdim we şu sebäpden ýurdy dolandyrmaga hukugym bar diýmek isleýärler.

Azatlyk Radiosy: Saýlawlarda ýeňmek barada aýdylanda ýene bir sorag ýada düşýär. ÝHHG-niň baha beriji topary ÝHHG-niň bu saýlawlara gözegçilik etmegini maslahat bermeýär. Bu saýlaw prosesiniň kanunylygy babatda näme diýildigi bolýar?

Joşua Foust: Ýagşy, bilýäňizmi näme, bu bir gyzykly üýtgeşme, sebäbi ÝHHG 2008-nji ýyldaky parlament saýlawlaryna gözegçilik edipdi. Onsoň olar bu saýlaw, nähili ölçeglerde bolsa-da, hakykatda az esasly we üns bererden az ähmiýetli diýen karara gelipdirler. Ýogsam şol parlament saýlawlary birnäçe ýyl ozal bolupdy.

Kanunylyk barada aýdylanda bolsa, nähilem bolanda onuň hiç hili halkara kanunylygy bolmaz. Türkmenistan bilen tanyş adamlar bu ýerde hökümet baradaky we şol hökümetiň saýlanyş tebigaty baradaky illýuziýalara aldanmaýar. Onsoň men olar saýlaw geçiren bolmakdan nämedir bir zat gazanýandyr öýtmeýärin. ÝHHG-niň hatda gözegçi toparyny hem iberjek bolmazlygy bolsa, olaryň bu saýlawlary geçirmek arkaly gazanmakçy bolýan bolýan demokratik kanunylygyny hem ýoga çykarýar. Onsoň bu azyndan görnüşi biraz täzelemek bolup biler, ýöne oňa garaýşy üýtgetmez.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň bu prosese nähilidir bir kanunlyk häsiýetini bermek hem-de bu çäräni halkara normalaryna ýakynlaşdyrmak üçin edip biljek bir zady barmy?

Joşua Foust: Edil şu pursatda ýok. Türkmenistandaky oppozisiýa azar ýamany berildi we olaryň käbiri daşary ýurtlara çykmaga mejbur boldy. Onsoň olaryň türkmen jemgyýetinde uly bir rol oýnamak mümkinçiligi ýok. Haçanda adamlar režime garşy çyksalar, Berdimuhamedowa garşy bir zatlar aýtsalar, olar tussag edildi, ýanaldy we käte ruhy hassahana hem salyndy. Onsoň Türkmenistanda häzirki dowam edýän şertlerde kadaly hasaplanyp biljek saýlawlary geçirmegiň hakyky mümkinçiligi ýok.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistan bu ýerden nirä tarap ugur alýar diýip hasap edýärsiňiz?

Joşua Foust: Men baryljak ýer saýlawdan öňki durlan ýer bolsa gerek diýip pikir edýärin. Aslynda bu referendum (saýlaw) Berdimuhamedow babatda we ol onuň dolandyryşyny tassyklar. Bu ýerde hakyky sorag onuň öz dolandyryşyny nähili tassyklajagy barada. Men bu soragy öz makalamda hem berýärin we oňa häzir özümde-de jogap ýok. Eger ol has uly tapawut bilen saýlansa, bu bir zady, pesräk tapawut bilen saýlansa bolsa, belki, başga bir zady aňladar. Emma şol bir wagtda men bu saýlawlaryň netijesinde Türkmenistanyň içindäki düýpli meseleler ýa-da halkara jemgyýetçiliginiň aladalary üýtgär diýip asla pikir etmeýärin.
XS
SM
MD
LG