Sepleriň elýeterliligi

Messi dünýäniň iň gowy futbolçysy adyny aldy


Lionel Messi “Altyn top” baýragyny indi basa üç ýyl yzly-yzyna aldy. Surat: Sýurih, 10-njy ýanwar.

Lionel Messi “Altyn top” baýragyny indi basa üç ýyl yzly-yzyna aldy. Surat: Sýurih, 10-njy ýanwar.

Sýurihde 2011-nji ýylyň futbolçylaryna baýraklaryň gowuşyrylyş dabarasy boldy. Onda “Barselona” futbol toparynyň we Argentinanyň milli ýygyndy toparynyň oýunçysy Lionel Messi “Altyn top” baýragyny indi basa üç ýyl yzly-yzyna aldy.

“Altyn top” her ýyl dünýäniň iň gowy futbolçysyna berilýän iň ýokary baýrakdyr. Mundan öň bu baýragy üç gezek: Mişel Platini, Ýohan Kroýff we Marko wan Basten dagy almagy başarypdylar. Ýöne häzire çenli “Altyn topa” üç gezek yzly-yzyna diňe Platini eýe bolup bilipdi.

2011-nji ýyl boýunça “Altyn top” baýragyna Portugaliýanyň milli ýygyndy toparynyň we “Real Madrid” komandasynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldo, şeýle-de Ispaniýanyň we “Barselona” toparynyň oýunçysy Hawi dagy hem dalaş edipdi. Ýöne baýraga esasy kandidatlar Messi we Kriştiano Ronaldo hasaplanýardy.

Messi bilen Kriştiano Ronaldonyň klub derejesinde geçiren oýunlaryndan çen tutusla, onda portugaliýaly oýunçy özüniň argentinaly kärdeşinden diňe bir gezek üstün çykmagy başarypdy. Geçen ýyl Ispaniýanyň kubogynyň final oýnunda “Real” “Barsadan” üstün çykypdy. Şol duşuşykda toplaryň birini Kriştiano Ronaldo urupdy. Eger Ispaniýanyň çempionaty nazaryndan seredilse, ol Messä görä has köp top geçiripdi. Ýagny, Kriştiano Ronaldo 21, Messi bolsa, 17 top urmagy başardy.

Ýöne 2011-nji ýylda “Barselona” Ispaniýanyň çempionatynyň we Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi bolmagy başarypdy. Çempionlar Ligasynyň çäklerinde “Barselona” ýarym-finalda “Realy”, finalda bolsa “Mançester Ýunaýtedi” utmagy başardy. Şol duşuşyklaryň ikisinde hem Messi gol geçiripdi.

Ýylyň iň gowy tälimçisi bolsa “Barselonanyň” treneri Hosep Gwardiola boldy. Eger-de komandanyň gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulsa, onda onuň bu baýraga mynasyp görülmegi asla geň däl. Bu baýrak ugrunda Hosep Gwardiolanyň bäsdeşleri “Realyň” treneri Žoze Mourinio we “Mançester Ýunaýted” komandasynyň köp ýyllyk treneri Aleks Fergýussen boldy.

Mourinio “ýylyň iň gowy tälimçisi” diýen ady geçen ýyl alypdy. Fergýunson bolsa FIFA-nyň başlygy Zepp Blateriň ýörite baýragyna mynasyp boldy. Fergýussen “Mançester Ýunaýtede” 25 ýyl bäri trenerlik edýän döwründe komanda Çempionlar Ligasynyň iki gezek we Angliýanyň 12 gezek çempiony bolmagy başardy.

2011-nji ýylda iň gowy goly salan “Santos” komandasynyň oýunçysy braziliýaly Neýmar diýlip yglan edildi. Ol “Ferens Puşkaşyň” adyndaky baýragy aldy. Bu baýrak ugrunda Neýmera esasy garşydaş “Mançester Ýunaýted” toparynyň oýunçysy, iňlis Ueýn Roni boldy.

Dünýäniň iň gowy futbolçy aýaly bolsa Ýaponiýanyň milli toparynyň oýunçysy Homare Sawa boldy.
XS
SM
MD
LG