Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky partlamada azyndan 30 söweşiji öldi


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky awtobus duralgasynda bolan partlamada “Talybana” garşy göreşýän söweşijileriň azyndan 30-sy öldi.

Resmileriň sözlerine görä, partlama Hyber sebitiniň Jamrud şäherinde amala aşyrylypdyr. Ejir çeken ýaşaýjylaryň biri bu barada şeýle diýdi:

—Meniň adym Amirullah Han. Men maşynyň içinde otyrdym. Ulag ýaňy ugrap başlanda uly partlama boldy. Parlamada men, sürüji we başga-da ençeme adam ýaralandy.

Gowuşýan maglumatlara görä, partlamada azyndan 25 adama hem şikes ýetipdir.
XS
SM
MD
LG