Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýada amnistiýa yglan edildi


Demirgazyk Koreýada ýurduň ozalky liderleri Kim Ir Seniň we onuň ogly Kim Çen Iriň golaýlap gelýän doglan günlerine gabatlap, amnistiýa yglan edildi.

Ýerli metbugatyň maglumatyna görä, tussaglar 1-nji fewraldan azat edilip başlanar. Amnistiýa näçe adamyň we kimleriň düşendigi barada maglumat ýok.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlaryň maglumatyna görä, Demirgazyk Koreýada müňlerçe adam syýasy matlaplar bilen türmede saklanylýar.

Şu ýyl Demirgazyk Koreýada Kim Çen Iriň doglan gününiň 70 ýyllygy we Kim Ir Seniň doglan gününiň 100 ýyllygy bellenýär.
XS
SM
MD
LG