Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň resmisi “Google” içalyçylyk guraly diýýär


Eýranyň polisiýa başlygy Esmail Ahmadi-Mogaddam: “Google gözleg serişdesi däl-de, eýsem içalyçylyk guraly” diýip çykyş etdi.

Eýranyň habar beriş serişdelerinde çykyş eden Esmail Ahmadi-Mogaddam dünýäniň internet äleminden özbaşdak işlejek ýerli kompýuter sistemasynyň özgermegini hem gutlady.

Ahmadi-Mogaddam: “Milli internetiň ösmegi ýurduň maglumatlaryny we raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin juda möhümdir” diýip belledi. Emma ol sözüniň dowamynda Eýranyň “dünýäden bölünip aýrylmak niýetiniň ýokdugyny” hem nygtap geçdi.
XS
SM
MD
LG