Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki amerikan esgeri “Al-Şababa” hemaýat bermekde aýyplandy


Amerikan armiýasynyň öňki esgeri Somaliniň söweşiji topary bolan “Al-Şababa” hemaýat bermekde aýyplandy.

24 ýaşly Kreýg Baksam geçen aý Kenýanyň serhedinden Somalä geçjek bolanda Kenýanyň resmileri tarapyndan saklanypdy.

Amerikanyň prokurorlarynyň derňewlerine görä, Baksam “Al-Kaýda” bilen ilteşigi bolan topara birnäçe ýüz dollar bermegi hem-de toparyň hatarynda söweşiji bolmagy niýet edinipdir.

Şeýle-de, prokurorlaryň aýtmagyna görä, Baksam dini websaýtdaky maglumatlary okanyndan soň yslam dinini kabul edipdir.

Baksam Yrakda we Günorta Koreýada gulluk edipdi. Eger-de onuň günäsi subut edilse, oňa 15 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.
XS
SM
MD
LG