Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: parlament saýlawlary Žanaözende hem geçiriler


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Žanaözen şäherinde parlament saýlawlaryny geçirmezlik baradaky teklibi weto etdi.

Prezident edarasynyň ýaýradan beýanatyna görä, Konstitusiýa Geňeşiniň Žanaözende parlament saýlawlaryny geçirmeli däl diýen teklibi şol ýerdäki raýatlaryň hak-hukuklaryny çäklendirmek bolar.

Geçen aý Žanaözende gazaply çaknyşyklar ýüze çykypdy. Konstitusiýa Geňeşi Žanaözende adatdan daşary ýagdaýyň dowam edýändigi sebäpli, ol ýerde saýlawlary geçirmegiň mümkin bolmajakdygyny öňe sürüpdi.
XS
SM
MD
LG