Sepleriň elýeterliligi

Ýene-de 100-150 müň tonna pagta ýygnap boljak eken...


2011-nji ýylda 550 müň gektar ýere pagta ekilip, ýurdumyz boýunça her gektardan ortaça 17 sentner hasyl almak niýetlenipdir.

2011-nji ýylda 550 müň gektar ýere pagta ekilip, ýurdumyz boýunça her gektardan ortaça 17 sentner hasyl almak niýetlenipdir.

Türkmenistanda noýabryň soňky ýekşenbesinde ýurdumyz boýunça bellenýän “Hasyl” baýramçylygynyň öň ýanynda türkmen metbugaty daýhanlarymyzyň döwlet harmanyna bir million elli müň tonna pagta tabşyryp, pagtaçylaryň ýyllyk borçnamalaryny ýerine ýetirendiklerini dabara bilen yglan etdiler.

Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, synçy.

Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, synçy.

2011-nji ýylda 550 müň gektar ýere pagta ekilip, ýurdumyz boýunça her gektardan ortaça 17 sentner hasyl almak niýetlenipdir. Ýöne pagta planyny ýerine ýetirmek üçin oba-hojalyk emeldarlarynyň daýhan birleşiklerine bellenilenden has köp gowaça ekmäge rugsat berýändigini aňmak kyn däl. Gowaçanyň ekmelisinden has köp ekilýändigi, üstesine-de tehnika ýetmezçiligi sebäpli Ahal, Mary welaýatynda tä iýunyň başyna, käbir ýerlerde bolsa iýunyň ahyryna çenli gowaça ekişiň dowam edýändigini aýtmak gerek. Giç ekilen gowaçanyň giç hasyl berjekligi öňünden belli.

Oba-hojalyk emeldarlary pagta meýilnamasy ýerine ýetirilinçä, adamlary pagta ýygmaga mejbur edipdirler, emma meýilnama ýerine ýetirilenden soň welin, emeldarlary pagta ýygymy beýle bir gyzyklandyrmandyr. Mysal üçin, Altyn asyr etrabynyň “Altyn asyr” daýhan birleşiginden özüni Durdy aga diýip tanadan kärendeçi: “Biziň toparymyzda 60-a ýakyn kärendeçiniň 200 gektar pagtasy bar. Pagtamyzy 15-20-nji iýun aralykda ekdik. Giç eken pagtamyzyň birinji ýüzüni noýabryň başynda ýygdyk, soň garaşylmadyk sowuk düşdi. Ýurdumyz pagta borçnamasyny üzdi diýlensoň, biziň açylan pagtamyzy ýygnamaga asla şert bolmady. Şonuň üçin meýdanda pagtasy ýygylmadyk gowaça atyzlary az däldir” diýýär.

Sarahsly kärendeçi, otuz bäş ýaşly Nurynyň aýtmagyna görä, 2011-nji ýylda iýun-iýulda gowaçalara gurçuk düşüpdir. Gurçukdan basylyp, kärende pagtasyny taşlan daýhanlaram az bolmandyr. Ýöne gurçuk düşüp ejizlän gowaçalaryň hasyla durmaly wagty azyndan 40 gün gijigipdir. Şeýlelikde giç ekilen gowaçalar bilen birlikde, gurçuk düşüp, hasyl bermegi gijigen pagtalaryňam bolmanda soňky bir ýüzi ýygylman galypdyr.

Kakaly agronom Myrat aga pagtadan girdeji alyp bolýandygy üçin 2011-nji ýylda daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, hatda käbir ýokary derejedäki döwlet emeldarlarynyň-da dürli ýollar bilen onlarça gektar pagta ekendiklerini aýdýar. Emeldarlar pagta ekenlerinde azyndan 30-40 göterim artyk ekipdirler. Olar wagtynda ekip, hasylyny hem wagtynda ýygnapdyrlar. Şeýlelikde köp ekmegiň hasabyna pagta plany ýerine ýetirilipdir.

Meniň bilen söhbetdeş bolan pagtaçy kärendeçileriňdir oba-hojalyk hünärmenleriniň aýtmagyna görä, emeldarlar pagta planyny dolmak üçin eden aladalaryny soňra gowşatmadyk bolsalar, ýene-de 100-150 müň tonna pagta ýygnap boljak eken.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG