Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda syýasy partiýalar baradaky kanun kabul edildi


Türkmen mejlisiniň deputatlary 10-njy ýanwarda, beýleki birnäçe kanun proýekti bilen bir hatarda, Türkmenistanyň “Syýasy partiýalar hakyndaky kanunynyň” proýektini ara alyp maslahatlaşyp, biragyzdan goldadylar we kabul etdiler.

TDH bu proýektiň raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnama laýyklykda taýýarlanandygyny ýazýar. Türkmenistan bu şertnama baryp 1996-njy ýylda goşulypdy we ýurduň Baş kanunynyň 30-njy maddasy raýatlaryň syýasy partiýalary döretmek hukugyny ykrar edýär.

Türkmen režiminiň tankytçylary resmi Aşgabady raýatlaryň syýasy azatlyklaryny we hukuklaryny iki onýyllyga golaý gysyp gelmekde aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG