Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň al-Assady daşary ýurtlulary günäleýär


Prezident Başar al-Assad daşary ýurtly “dildüwşijileriň” Siriýanyň durnuklygyny bozmaga çalyşýandygyny aýdyp, “terrorçylary demir ýumruk bilen urup”, düzgün-tertibi dikeltmegi wada berdi.

Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs Howpsuzlyk geňeşiniň Siriýadaky ýagdaýa bagyşlanan diňlenişiginden soň žurnalistlere “bu daşary ýurtlulalaryň “dildüwşigi” diýmek, dogrusyny aýtsak, köçelerde parahatçylykly ýygnanyşmak we pikirlerini açyk aýtmak hukuklaryny ulanyp, gowurak gelejek we has jogapkärçilikli hökümet edinjek bolup, öz hökümetleriniň elinden ölýän siriýalalary masgaralamak bolýar diýdi.

Siriýanyň iň uly oppozisiýa topary bolan Milli geňeş prezident al-Assadyň bu çykyşyny “zorluga meçew bermek” diýip atlandyrdy.

Şularalykda Arap ligasy hökümetiň öz gözegçilerine garşy edilen “jogapkärçiliksiz hereketler we zorluk çäreleri babatda” “doly jogapkärdigini” aýtdy.

Arap ligasy öz gözegçileriniň käbiriniň hökümete tarapdar we oppozisiýa goldawçylary tarapyndan edilen hüjümlerde ýaradar bolandygyny aýdýar.

BMG Siriýada on gün öň başlanan gözegçilik missiýasyndan bäri ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň 400 adamy öldürendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG