Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Eýranyň Siriýa barýan ýük maşynlaryny saklady


Türkiýäniň gümrük resmileri Eýrandan Siriýa harby enjamlary alyp barmakda güman edilen dört maşyny saklady.

Türkiýäniň “Dogan” habar gullugy Kilis welaýatynyň gubernatory Ýusuf Odabaşa salgylanyp, ýük maşynlarynyň Siriýa geçilýän serhetde konfiskasiýa edilendigini ýazdy.

Odabaş bu ýükleri barlamak üçin Ankaradan ekspertleriň iberilendigini aýtdy.

Türkiýe Başar al-Assadyň režiminiň hökümete garşy protestçileri güýç bilen basyp ýatyrmagyna protest bildirip, Siriýa garşy ýarag embargosyny girizipdi.
XS
SM
MD
LG