Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Nikaragua baryp, adalatlylyga çagyryş etdi


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad Nikaraguanyň lideriniň üçünji möhlet prezidentlige işe girişmek dabarasyna baryp, Daniýel Ortegany “rewolýusion doganym” diýip atlandyrdy.

Wenesueladan soň paýtagt Managua baran Ahmedinejad Eýranyň halky hem, Nikaraguanyň halky hem adalatlylygy ýola goýmak üçin göreş alyp bardy diýdi.

Ahmedinejad duşenbe güni Karakasda wenesuelaly kärdeşi Hugo Çawez bilen bilelikde ABŞ-ny we onuň ýaranlaryny, Eýranyň ýadro programmasy üstündäki dawa arkaly, özlerini gorkuzjak bolmakda aýyplady.

Eýranyň prezidenti Nikaraguadan soň Kuba we Ekwadora hem sapar eder.
XS
SM
MD
LG