Sepleriň elýeterliligi

Janyndan geçen bombaçylar hökümet binasyna hüjüm etdiler


Owganystanyň Içeri işler ministrligi günorta-gündogar Owganystanda janyndan geçen bombaçylaryň hökümet binasyna zabt etmegi netijesinde üç polisiýa ofiseriniň we dört graždanyň öldürilendigini aýdýar.

Janyndan geçen bombaçylar derwezedäki polisiýa işgärini öldürip, Paktika welaýatynyň paýtagty Şaranada Aragatnaşyk müdirliginiň binasyny ele geçiripdirler.

Ministrligiň beýanatynda polisiýanyň bu binanyň daşyny gabandygy we atyşykda iki sany polisiýa ofiseriniň wepat bolandygy aýdylýar.

Ministrligiň sözçüsi gabawyň dört sagada çekendigini we bombaçylaryň ählisiniň öldürilendigini aýtdy. Ýöne graždan ilatdan ölen dört adamyň nähili ýagdaýda öldürilendigi bada-bat belli bolmady.
XS
SM
MD
LG