Sepleriň elýeterliligi

Owgan resmileri: “Talyban” pitneçileriniň 60 çemesi öldürildi


Polisiýa demirgazyk Owganystanda owgan hem daşary ýurt güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýada 60 çemesi “Talyban” pitneçisiniň öldürilendigini, 100-den gowragynyň bolsa ýaralanandygyny aýdýar.

Demirgazyk zonasy komandasynyň polisiýa başlygynyň orunbasary, general Mohammad Ali Razaýi Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna “60-dan 70-e çenli pitneçiniň, şol sanda “Talyban” we daşary ýurt söweşijeleriniň öldürilendigini, 110 çemesi pitneçiniň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Halkara howpsuzlyk kömek güýçleri hem bu aýdylýanlary tassyk etdi.

Mundan başga, HHKG-nyň beýanatynda birinji gün geçirilen operasiýada 30 pitneçiniň tussag edilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG