Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada sarp edilýän gazyň mukdary azalýar


Şu ýyl Ukrainada geçen ýyl sarp edilen gazyň ýarym mukdary ulanylar. Bu barada Ukrainanyň energiýa ministri Ýuriý Boýko maglumat berýär.

Boýkonyň sözlerine görä, şu ýyl Ukraina 27 milliard kub metr möçberinde gaz ulanar. Geçen ýyl bu görkeziji 54 milliard kub metre deň bolupdy.

Ukraina Orsýetden 33 milliard kub metr gaz almak barada şertnama baglaşypdy. Orsýetiň “Gazprom” şirketiniň resmileri, nähili bolanda-da, Ukrainanyň şertnamada görkezilen mukdardaky gazyň tölegini tölemeldigini gaýta-gaýta nygtap gelýärler.

Boýko “eger-de ors hyzmatdaşlarymyzda soraglar bar bolsa, onda olar muny özara düşünişip çözmelidirler” diýdi.
XS
SM
MD
LG