Sepleriň elýeterliligi

Arap ligasynyň bir synçysy Siriýany terk etdi


Arap ligasynyň Siriýadaky ýagdaýlara gözegçilik etmek üçin ugradan synçylar toparynyň bir wekili ýurdy terk etdi.

Alžiriň wekili Anwar Malegiň sözlerine görä, Siriýada gazaplylyk dowam edýär, topar hem muny duzurmak üçin hiç zat etmändir.

Arap ligasynyň synçylary 26-njy dekabrda Siriýdaky ýagdaýlara gözegçilik edip başlapdy. Toparyň esasy maksady – Siriýada gazaplylygy togtatmak üçin Arap ligasynyň hödürlän çäreleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmekdir.

Siriýada 10 aýa golaý wagt bäri hökümete garşy protestler dowam edýär.

Amerikanyň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs BMG-niň maglumatlarynyň Arap ligasynyň gözegçileri Siriýa barandan bäri ol ýerde 400 töweregi adamyň öldürilendigini görkezýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG