Sepleriň elýeterliligi

Eýrandaky bomba partlamasynda ýadro alymy öldi


Tähranda amala aşyrylan maşyn partlamasynda ýadro ylymlary boýunça eýranly alym heläk boldy. Eýran muny Ysraýylyň amala aşyrandygyny öňe sürýär.

Eýranyň ýarym-resmi “Fars” habarlar gullugy ölen alymyň – uniwersitetiň professory, ýadro fizigi Mostafa Ahmadi Roşandygyny aýtdy. Maglumata görä, ol Natanz atom desgasynda iş alyp barypdyr.

Gowuşýan maglumata görä, motosiklli hüjümçi Roşanyň ulagynyň ýanyndan geçip, oňa magnit bombasyny berkidipdir. Bu wakalara şaýat bolan bir aýal şeýle gürrüň berýär:

—Men bir motosikli gördüm. Olaryň kellesinde ýüň telpekler - gara ýüň telpekler bardy. Men motosikliň batly geçip gidenini gördüm. Men olary gördüm. Olaryň ellerinde bir zatlar bar ýaly bolup göründi.

“Fars” habar agentligi partlamany “terrorist hüjümi” diýip atlandyrdy.

Tähranyň häkiminiň orunbasary Safarali Baratloo hüjüme Ysraýylyň jogapkärdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG