Sepleriň elýeterliligi

German sudunda prokuror atylyp öldürildi


Günortadaky Bawariýa ştatynda bir sud otagynda Germaniýanyň döwlet prokurory atylyp öldürildi.

54 ýaşyndaky aýyplanýan adamyň Daçau adminstratiw sudunda prokurory tüpeňlemezinden öň, ilki sudýa tarap ot açandygy aýdylýar.

Birnäçe gezek tüpeňlenen 31 ýaşyndaky prokruror hassahana alnyp gidildi we şol ýerde aradan çykdy.

Aýyplanýan atyjy tussaghana salyndy. Ol öz işgärlerine nädogry aýlyk berenligi üçin sud edilýärdi.
XS
SM
MD
LG