Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Eýranyň Siriýa barýan bäşinji maşynyny saklaýar


Türkiýäniň gümrük resmileri Eýranyň Siriýa barýan bäşinji ýük maşynyny sakladylar. Olar öň Eýranyň dört ýük maşynyny saklapdylar.

Ol maşynlaryň ählisi Türkiýe bilen Siriýanyň arasyndaky Kilis serhet geçelgesinde, harby enjamlary alyp barýan bolmasyn diýlip saklandy.

Resmiler ýükleriň ankaraly ekspertler tarapyndan barlanýandygyny aýdýarlar.

Türkiýe Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režiminiň hökümete garşy protestçileri güýç bilen basyp ýatyrýanlygy üçin, Damaska garşy ýarag embargosyny girizipdi.
XS
SM
MD
LG