Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG belarus žurnalistiniň tussag edilmegini ýazgarýar


ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Mýatowiç Belarusda bir garaşsyz žurnalistiň türmä basylmagyny ýazgaryp çykyş etdi.

Žurnalist Alýaksandr Barazenka 8-nji ýanwarda Minskide bir adamyň protestini surata düşürýärkä tutuldy we ertesi ygtyýar berilmedik çärä gatnaşandygy üçin 11 günlük tussag edildi.

Protestçi Mikita Kawalenka, Ýewropanyň Belarus graždan kampaniýasynyň aktiwisti bolsa, 15 gün tussaglyga höküm edildi.

Mýatowiç belarus hökümeti, ygtyýar berlendigine ýa däldigine garamazdan, jemgyýetiň bilmek hukugynyň hatyrasyna, žurnalistlere islendik syýasy wakany beýan etmäge ygtyýar bermeli diýdi.
XS
SM
MD
LG