Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň Homs şäherinde fransuz žurnalisti öldürildi


Siriýanyň Homs şäherinde fransuz telewideniýesiniň žurnalisti öldürildi. Ol bu ýurtdaky gozgalaňlarda öldürilen ilkinji günbatar žurnalistidir.

Fransiýanyň 2-nji jemgyýetçilik telekanaly öz žurnalisti Gilles Jakwiýeriň bu şähere hökümetiň ygtyýar bermeginde barandygyny aýtdy.

Siriýa telewideniýesi azyndan 8 adamyň öldürilendigini aýtdy. Fransiýa we Ýewropa Bileleşigi bolan zadyň doly aýdyňlaşdyrylamagyny talap etdi.
XS
SM
MD
LG