Sepleriň elýeterliligi

On alty ýyl gijigen kanun: buz gozganýarmy?


Synçylar Berdimuhamedowyň sözlerine barmak çommaldyp, Nyýazowyň islendik başgaça pikiri agzalyçylyk hökmünde görkezmek endiginiň häzirki häkimiýtelerde hem saklanyp galýandygyna ünsi çekýärler.

Synçylar Berdimuhamedowyň sözlerine barmak çommaldyp, Nyýazowyň islendik başgaça pikiri agzalyçylyk hökmünde görkezmek endiginiň häzirki häkimiýtelerde hem saklanyp galýandygyna ünsi çekýärler.

Türkmen mejlisiniň deputatlarynyň 10-njy ýanwarda ýurduň “Syýasy partiýalar hakyndaky kanunyny” kabul etmegi Türkmenistanda syýasy doňaklygyň eräp başlandygyny aňladýarmy? Bu soraga biragyzdan jogap bermek kyn.


TDH syýasy partiýalar baradaky proýektiň raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara şertnama laýyklykda taýýarlanandygyny ýazýar. Türkmenistan bu şertnama baryp 1996-njy ýylda goşulypdy we ýurduň Baş kanunynyň 30-njy maddasy raýatlaryň syýasy partiýalary döretmek hukugyny ykrar edýär.

Syýasy hukuklar we jebislik aladasy

Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňky wagtlarda syýasy partiýalaryň hasaba alnyp bilinjegi barada aýdan sözlerinden, hususan-da 9-njy ýanwarda perzidentlige kandidat hökmünde eden programmalaýyn çykyşynda syýasy partiýalaryň, garaşsyz metbugatyň “tarapynda çykyş edýändigini” aýtmagyndan çen tutulsa, indi köppartiýalylyga kanunda umumy ýagdaýda berlen rugsady ýa hukugy raýatlara iş ýüzünde hem bermäge wagt gelen ýaly.

Ýöne bu meselede, “syýasy partiýalar, metbugat azatlygy” diýlende Saparmyrat Nyýazow döwründen bäri dowam edýän “jebislik”, “il azybirligi” “ünjüsiniň” hem saklanyp galýandygyny görmezlik mümkin däl. Nyýazow 2003-nji ýylda “Köppartiýalylygam, partiýa döredesi gelýän bolsa, döredeliň, ýöne şol partiýa türkmen kanunlarynyň esasynda bolsun” diýip, ýurtda “şama-şaýyrda, agzalalyga ýol bermezligi” nesihat edipdi.

Synçylar Berdimuhamedowyň “halkymy jebisleşdirjek, adamlary berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrjak partiýalaryň zerurdygyny hem bellemek isleýän” diýen sözlerine barmak çommaldyp, Nyýazowyň islendik başgaça pikiri agzalyçylyk hökmünde görkezmek endiginiň häzirki häkimiýtelerde hem saklanyp galýandygyna ünsi çekýärler.

Ýerine ýetmedik wadalar

Düýbi Wenada ýerleşýän Türkmen inisiatiwasy toparynyň başlygy, hukuk goraýjy aktiwist Farid Tuhbatullin Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň prezident saýlawlaryndan öňürti beren wadalary bilen häzirki kandidatlyk programmasyny deňeşdirip, olaryň arasynda meňzeş zadyň kändigini aýdýar:

—Ýadyňyzda bolsa, ol 2007-nji ýylda hem köppartiýalylyk sistemasynyň zerurlygy, raýat jemgyýetini döretmek zerurlygy, metbugat azatlygy we internet elýeterliligi barada gürrüň edipdi. Şondan bäri geçen döwürde bu hili beýantlar az edilmedi, ýöne bu zatlary şu geçen bäş ýyl içinde durmuşa geçirmäge nämäniň päsgel berendigine düşünmek kyn.

Kanadada ýaşaýan türkmen aktiwisti Muhammet Düýeji hem hukuk goraýjy Tuhbatulliniň pikiri bilen köp babatda ylalaşýar. Ol prezident Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda prezidentlige başlanda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etjekdigine kasam edendigini ýatlap, bäş ýyl soňra ozal kanunda bar zatlaryň halka berilmegi barada gaýtadan gürüň edilmeginiň kanunlaryň berjaý edilmändigini boýun almak bolýandygyny aýdýar.

“Geçeni geçdi bil”

Türkmende “geçeni geçdi bil” diýen söz bar. Prezident Berdimuhamedowyň birinji bäş ýyl möhleti geçdi, ýöne onuň ýurtdaky bir partiýalylyk netijesinde ýene bir möhlete prezident saýlanmagyna garaşylýar we ol täze partiýalaryň döredilmeginiň tarapynda çykyş edýändigini aýdýar.

Hukuk goraýjy Tuhbatullin “syýasy hukuklar barada ozalky berlen wadalaryň ýerine ýetirilmänligi üçin” prezidentiň häzirki aýdýan sözlerine we adamlaryň hakykatdan hem jemgyýetçilik guramalaryny we partiýalary gurup biljegine, olara şeýle mümkinçilik beriljegine örän şübheli garaýar.

Türkmen režiminiň tankytçylarynyň köpüsi, şol sanda Kanadada ýaşaýan türkmen aktiwisti Muhammet Düýeji türkmen häkimiýetleri öz pikirlerini we garaýyşlaryny raýatlaryň boýnuna zor bilen dakmak ýa-da hemme adamy özleri ýaly pikir etdirmek synanyşyklaryndan entekler el çekjege meňzemeýär diýen pikirde. Düýeji “prezident Berdimuhamedow ýurduň gaz, energiýa ýollaryny diwersifikasiýa etmek meselesinde bir ädim öňe ätdi, emma köppartiýalylyk meselesinde Saparmyrat Nyýazowyň duran ýerinden känbir daşlaşyp bilenok” diýen pikiri öňe sürýär.

Muhammet Düýejiniň pikiriçe, prezidentiň entek döredilmedik we hasaba alynmadyk partiýalaryň nähili bolmalydygy hakynda gürrüň etmegi syýasy azatlyklaryň sallançakda bogulmagyndan başga zat bolup bilmez.

—Eger meniň näme etjegimi başga partiýadan biri kesgitläp berjek bolsa, ol nädip köppartiýalylyk bolsun? Kanun maňa öz pikirim boýunça, özüm bilen pikirdeş adamlary daşyma ýygnap, şol esasda hem partiýa döretmek hukugyny berýär, ol hukugy ne prezident alyp bilýär, ne başga kişi. Eger ol hukuk alynsa, bu hem halkara kanunlarynyň bozuldygy, hem Türkmenistanyň kanunlarynyň bozuldygy bolar.

“Hiçden giç ýagşy”

Ýöne synçylaryň köpüsi syýasy partiýalar baradaky kanunyň kabul edilmegine “hiçden giç ýagşy” diýip, gowy baha berýärler. Türkmen häkimiýetleri köppartiýalylygyň gijikmegini şu wagta çenli wagtyň gelmezligi, jemgyýetiň taýýar däldigi bilen düşündirmäge synanyşyp gelipdiler. Aýdaly, Türkmenistanyň öňki prezident Saparmyrat Nyýazow köppartiýalylyga geçmäge gyssanmazlygy maslahat bererdi. Has anygy, ol bu meseledäki pozisiýasyny ilatyň entek köp babatda döwlete garaşlylygy bilen delillendirerdi.

—Köppartiýalylyk geler, [onuň] gitjek ýeri ýok, hususy eýeçilik döränden soň geler, bu wagt hemmäňiziň ykbalyňyz döwlete garaşly... Haçanda bizde, Türkmenistanda halkymyzyň ýüzden ýary, iň bärinden, baýasa, öz ýeri bolsa, mülki bolsa, kanuny, eldegrizmesiz mülk bolsa, özüniň başlan işi bolsa, fabrikasy, zawody bolsa, onda ol adam döwlet syýasatyna özüni hatara durmaz (“goşulmaz” diýjek bolan bolarly - Ý.A.), onuň öz pikiri bardyr, ol arkaýyn partiýa döredip biler—diýip, Nyýazow 2003-nji ýylda geçiren hökümet maslahatlarynyň birinde aýdypdy.

Şeýle-de Nyýazow hukuk toparlarynyň resmi Aşgabadyň syýasy azatlyklary gysýanlygy baradaky tankydyna jogap berip, käbir daşary ýurtlaryň halky içinden topar-topar edip çaknyşdyrmak isleýändigini öňe sürerdi we Türkmenistanda syýasy partiýalaryň dördilmeýänliginiň sebäbini öz syýasy garşydaşlarynyň başarnyksyzlygynyň üstüne atardy.

—Köppartiýalylyga-da hakyň bar, partiýa döretmäge-de hakyň bar. Kanunlarymyz bar, döretsinler gaýratly adamlar, bigaýratlar döredip bilmän, aňryk gaçyp, aňyrda aýdýarlar, “aý, bize ygtyýar berenoklar...” —diýip, Nyýazow gaharyny ýüze çykarypdy.

Faktlardan çen tutulsa, partiýa döretmek isleýän adamlar diňe ýurt daşynda däl, ýurt içinde hem bar şolaryň biri hem hasaba alynmadyk “Bähbit” partiýasynyň lideri Sazak Durdymyradow. Baharlyda (ozalky Bäherdende) ýaşaýan graždan aktiwistiniň pikirine görä, Nyýazowdan tapawutlylykda, Berdimuhamedow oppozision syýasy partiýalara ýol açmaga rugsat berdi we bu onuň artykmaçylygy bolup durýar.

—Şeýlelikde, eger-de döwletimiziň içinde demokratik özgerişlikleriň has ýokary derejä ýetmegi islenýän bolsa, syýasy partiýalar göreşse, ýüze çykýan meseleleri çözmäge ýol agtarylar we ýol tapylar, munuň ýeke-täk ýoly şu we başga ýol ýok—diýip, Sazak Durdymyradow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ýöne entek aýdylýan sözlere ynanybermeli däldigini öňe sürýän, bu zatlaryň diňe daşary ýurtlaryň gözüne çöp atmak üçin edilýändigini çaklaýan, şol bir wagtda, türkmen halkynyň birden syýasy taýdan işjeňleşjigine o diýen ynanmaýan synçylar hem bar. Howpsuzlyk aladalary ötri adyny aýtmazlygy soran 65 ýaşly aşgabatly žurnalistiň pikirine görä, häzir syýasy partiýalaryň dörejegi we işläp biljegi barada bir zat diýerden ir, ýöne ol barybir Türkmenistanda “buz gozganýar” diýip pikir edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG