Sepleriň elýeterliligi

Gökdepe urşunda gelin-gyzlaryň gahrymançylygy


Türkmenistanda Hatyra güni bellendi.

Türkmenistanda Hatyra güni bellendi.

Iňlis žurnalisti Marwiň Gökdepe söweşini beýan edip: “Ruslaryň bu söweşde çykdajylary planlaşdyrylandan ýigrimi esse kän bolupdyr. Olaryň Gökdepe galasyny basyp almak üçin eden çykdajylary tutuş Orta Aziýany boýun egdirmäge sarp eden çykdajylaryndan tas iki essä golaý köp bolupdyr” diýip ýazýar.

Rus patyşasy Orta Aziýany basyp almagy öwrenmek üçin 1717-nji ýylda Pýotr Çerkaskiniň ekspedisiýasyny bu regiona iberipdi. Emma ruslar diňe 1881-nji ýylda, saýlama goşun sürüp Gökdepe galasyny syndyryp, Orta Aziýany basyp almak arzuwyna ýetipdiler.

Rus generaly Lomakin 1879-njy ýylyň awgustynda Ahaly basyp almak üçin urşa başlaýar. Ruslar Diňlidepä çenli gelipdirler, emma Lomakin Diňlidepede ymykly gabawa düşýär. General ähli mümkinçiligini ulanyp, bir bölek esgeri bilen zordan gabawdan sypypdyr.

Lomakiniň ilkinji ýörişi şowsuz tamamlanansoň, Trans Kaspiniň general-gubernatorlygyna Tergukasow (Tergukasýan Arzas Arutýunowiç) bellenýär, bu generalam türkmenleriň üstüne geçiren şowsuz ýörişinden soň, otstawka gitmäge mejbur bolýar. Onuň ýerine Petruşewiç bellenýär. Ol Krasnowodskiden Gökdepä çenli demir ýol çekmegi planlaşdyryp, gurluşyga başlaýar.

Petruşewiçem derrew boşadylyp, ýerine Muraýew bellenipdir, bu generalam haýal-ýagallykda aýyplanyp, 1880-nji ýylyň maýynda Trans Kaspi general gubernatorlygyna örän tejribeli Skobelew bellenýär. Skobelew 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda 150 put däri bilen Gökdepe galasyny ýaryp, şol ýerden girip, galany eýelemegi başarýar.

Gökdepe söweşinde gelin-gyzlarymyzam mertlerçe söweşipdirler. Gökdepe söweşine gatnaşan general-adýutant N. I. Grodekow türkmen gelin-gyzlarynyň gahrymançylygyny beýik fransuz gahryman zenany Žanna D’Arkyň gahrymançylygyna deňäpdir.

Garagyz eje, batyr ogly Gara batyryň jesedini getirenlerinde, ruhdan düşmän, oglunyň eşigini geýip, ýaragyny alyp, atyna münüp, duşman ordasyna tarap okdurylyp baryp, olaryň ýedi-sekiz sanysynyň janyny jähenneme iberýär. Ahyry Garagyz ejä duşman güllesi degip, atdan agdarylyp, jan berýär. Ýeke atly rus goşunyna garşy söweşe geleniň aýal adamdygyna göz ýetiren Skobelew: “Bu duşman aýalyň gahrymannçylygy hormata mynasyp” diýipdir. Merhum ýazyjy N.Hojageldiýew “Gara batyryň enesi” atly hekaýasynda Garagyz enäniň görkezen gahrymançylygyny örän çeperçilik bilen beýan edipdir.

Dursun hanyma

Ýaşulularymyzyň tassyklamagyna görä, Dursun hanyma atly şir ýürekli zenan iki ýüz çemesi gelin-gyzlary töweregine jemläp, erkekler bilen deň hatarda Gökdepe galasyny goramakda mertlerçe söweşipdir. Bir gezek Dursun hanyma duşmana gelýän ýüzlerçe düýeli kerweni ele salyp, gizlin ýol bilen Gökdepe galasyna getiripdir. Ol kerwende egin-eşik, azyk, ok-däri, mahlasy uruş üçin birinji derejeli zerur harytlar bar ekeni. Gökdepeli Geldimyrat aganyň aýtmagyna görä, Skobelew ýüküň geljek wagtyny, geçjek ýoluny takyk anyklap, türkmen gelin-gyzlarynyň saýlama iki ýüz elli esgeri güpbasdy edip, ýüzlerçe düýeli kerweni talap alyp gidendigini eşidende, name diýjegini bilmän, aňkaryp galypdyr.

Mäneli Meretmuhammet aganyň tassyklamagyna görä, Dursun hanyma takmynan 1877-1878-nj ýyllarda Gökdepe galasyny goramaga hem gurluşygyny etmäge gatnaşmak üçin Kaka-Gäwers aralygynda hanlyk eden, häzirki Gowşut obasynyň ýakynynda ýerleşýän Mämmetoraz hanyň galasyndan göçüp gelen Maş hanyň uýasydyr. Dursun hanyma Gökdepä göçüp gelmezleriniň öň ýanynda doganoglany Gaýyba durmuşa çykýar. Lomakiniň ilkinji ýörişinde Gaýyp wepat bolýar. Şondan soň Dursun hanyma duşmandan ar almak üçin, ata çykyp, batyr gelin-gyzlary daşyna jemläpdir. Dursun hanyma ýaşlykda ok-ýaý atmagy agasy Maş handan öwrenipdir.

Gökdepe synan güni Dursun hanyma mertlerçe söweşip, wepat bolupdyr. Umuman, uly ýitgiler bilen ruslar Gökdepe galasyny syndyryp, türkmen topragyny basyp alanam bolsalar, türkmeniň erkinlige teşneligini ýok edip bilmändiler. Şonuň üçinem şu toprak üçin janyny gurban eden gerçeklerimiziň, erkekler bilen deň hatarda söweşip, janyny orta goýan zenanlarymyzyň gahrymançylygyny ýatlap, bu günki gün Garaşsyz watanymyzda halkymyz olaryň ruhunyň öňünde baş egip, olary hormat bilen ýatlap, aýat-töwir edýär. Ýatan ýeriňiz ýagty, jaýyňyz jennet bolsun watan gahrymanlary!

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG