Sepleriň elýeterliligi

Owganystanly häkim bomba partlamasynda öldi


Owganystanyň resmileriniň maglumatyna görä, ölümine kaýyl hüjümçi şu gün Owganystanyň Kandagar welaýatynyň Panjwai etrabynyň häkimini öldürdi.

Kandagaryň polisiýasynyň başlygy Abdul Razygyň aýtmagyna görä, häkim Saýed Fazludin Agha we onuň iki ogly ýolda ulagda barýan mahaly maşynyna bomba berkidilen hüjümçi tarapyndan partlama sezewar edilipdir.

Maglumata görä, Aghanyň iki janpenasy hem partlamada heläk bolupdyr.

Kandagaryň hassahanasynyň resmisiniň aýtmagyna görä, ýaralanan azyndan 13 polisiýa işgäri hassahanada bejergi alýar.
XS
SM
MD
LG