Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: “Talyban” söweşi dowam etdirjekdigini aýdýar


Penşenbe güni “Talybanyň” sözçüsi Zabiullah Mujahid email arkaly eden beýanatynda, öz topary parahatçylyk gepleşiklerini goldaýan hem bolsa, Owganystandaky daşary ýurtly güýçlere we “Owganystanyň oýnatgy administrasiýasyna” garşy harby operasiýalaryň geçiriljekdigini aýtdy.

Beýanatda “Talybanyň” Owganystanda parahatçylygy ýola goýmak ugrunda öz “syýasy mümkinçiligini güýçlendirendigi” aýdylýar, ýöne bu “jihaddan el üzmekligi” ýa-da “häzirki owgan hökümetiniň Konstitusiýasyny kabul etmekligi” aňlatmaýar diýlip, beýanatda nygtalýar.
XS
SM
MD
LG