Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň harby güýçleri wideoýazgyny derňeýär


ABŞ-nyň Deňiz gullugy Korpusy internetde ýaýradylan wideoýazgy boýunça derňew işlerini geçirýär. Bu wideoýazgyda Owganystandaky amerikan harbylarydygy görünýän esgerleriň öldürilen “Talyban” söweşijileriniň jesediniň üstüne buşugýan pursatlary görkezilýär.

Deňiz gullugy Korpusynyň ýaýradan beýanatynda "YouTube" saýtynda ýerleşdirilen bu wideoýazgynyň çeşmesini anyklamagyň häzirlikçe başartmandygy aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde beýanatda wideodaky harbylaryň hereketleriniň Deňiz gullugy Korpusynyň gymmatlyklaryna çapraz gelýändigi bellenilýär.

Pentagonyň sözçüsi Jon Kirbyň aýtmagyna görä, ölenleriň jesedini äsgermezlik ediji hereketleri görkezýän bu kadrlar çuňňur alada döredýär.

Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Leon Panetta bu wakada eli bolan esgerleriň ähilisiniň doly jogapkärçilige çekiljekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG