Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýaponiýa ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalaryna goşulýar


Penşenbe güni Ýaponiýa urany baýlaşdyrmak boýunça Tähranyň alyp barýan işleri sebäpli Eýrana garşy amerikan sanksiýalaryna goşuldy. Ýaponiýanyň hökümeti Eýrandan satyn alýan nebitiniň möçberini azaltjakdygyny yglan etdi.

Ýaponiýanyň maliýe ministri Dzýun Adzumi halkara jemgyýetçiliginiň Eýranyň ýadro programmasyny inkär edip bilmejekdigini hem-de ABŞ-nyň bu ugurdaky aladalaryna düşünýändigini mälim etdi.

Adzumi bu barada Tokioda ABŞ-nyň maliýe ministri Timoti Geýtner bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy. Bu duşuşyk Geýtneriň Hytaýa iki günlük saparyndan soň geçirildi.

Eýrandan import edilýän nebit Ýaponiýanyň umumy sarp edýän nebitiniň 10 prosentini emele getirýär. Ýaponiýanyň maliýe ministriniň sözlerine görä, Eýrandan alynýan nebitiň möçberi dessine azaldylar we bu proses yzygiderli dowam eder.

Mundan ozal Eýranyň häkimiýetleri halkara sanksiýalaryna jogap edip, Ormuz bogazyny ýapjakdyklaryny duýduryp haýbat atypdylar. Dünýäde gazylyp alynýan nebitiň bäşden bir bölegi şu bogazdan geçirilýär.
XS
SM
MD
LG