Sepleriň elýeterliligi

Moldowa parlamentde geçirilmeli prezident saýlawlaryny yza süýşürýär


Moldowanyň Konstitusiýa sudy dekabrda geçirilen we prezident saýlap bilmedik prezident saýlawlaryny güýçsüz diýip yglan etdi.

Bu karar parlamente döwlet baştutanyny saýlamak üçin has kän wagt berýär.

“Roýter” bu kararyň parlamentde geçirilýän prezident saýlawlarynyň 15-nji ýanwarda, bellenen wagtynda geçirilmejegini aňladýandygyny ýazýar.

Moldowa indi iki ýyldan gowrak wagt bäri prezident saýlap bilmän gelýär. Sebäbi hiç bir topar talap edilýän sesi toplap bilenok.
XS
SM
MD
LG