Sepleriň elýeterliligi

Eýranda ýene iki derwişiň tutulandygy aýdylýar


Tähranda we Şirazda ýene iki sany sufiniň tussag edilendigi aýdylýar.

Simin Nematollahi we Kasra Nury Gonabadi Nematollahi mezhebiniň agzalary bolup, eýran häkimiýetleriniň barha güýçlenýän basyşyna duçar boldy.

Derwişler meselesini ýakyndan yzarlaýan Majzouban websaýty bu iki derwişiň eýran döwletine garşy propaganda ýaýratmakda aýyplanandygyny ýazýar.

Soňky ýyllarda eýran häkimiýetleri derwişleriň hudaýa ybadat edýän öýleriniň birnäçesini ýykdy we olaryň onlarçasyna dürre urmak hem türme jezalaryny berdi.
XS
SM
MD
LG