Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowada dört saglyk resmisi tussag edildi


Ýewropa we kosowa polisiýasy penşenbe güni Kosowanyň Saglyk ministrligine reýd geçirip, korrupsiýa aýyplamalary esasynda dört resmini tussag etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Kanunyň hökmürowanlygy missiýasy (ÝBKHM) tussag edilenleriň arasynda ministrligiň hemişelik sekretary Ilir Tolaýyň hem bardygyny aýtdy.

Kanunyň hökmürowanlygy missiýasy tutulan dört resminiň korrupsiýa, şol sanda wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmak, tenderler bilen bagly kezzapçylyk, zyýanly şertnamalary baglaşmak ýaly aýyplamalar sebäpli gözlenip gelnendigini aýdýar.

Bu missiýa Kosowa 2008-nji ýylda Serbiýadan garaşsyzlygyny yglan edenden soň işe başlady we ýurtda kanunyň hökmürowanlygyny ýola goýmagy maksat edinýär.
XS
SM
MD
LG