Sepleriň elýeterliligi

Bosniýa ahyry täze premýer-ministr saýlady


Bosniýanyň parlamenti, saýlawlardan 15 aý soň, ykdysatçy Wjekoslaw Bewandany premýer-ministrlige saýlady.

Parlamentde bolan ses berişlikde Bewanda 32 deputat goldaw bildirdi, ikisi garşy çykdy, üç deputat bolsa ses berişlige gatnaşmady.

Bewanda ses berişligiň öňünden özüniň esasy ileri tutjak meseleleriniň Bosniýanyň maliýe durnuklylygy we ÝB agzalygyny gazanmagy boljagyny aýtdy.

Bosniýa 1992-1995-nji ýyllaryň urşundan bäri iki sany ýarym awtonom bölege, Musulman-Horwat federasiýasyna we serbleriň Srpska respublikasyna bölünen.
XS
SM
MD
LG