Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ jeset basgylamak wideosyna gynanç bildirýär


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Leon Panetta owgan “Talybanynyň” söweşijeleriniň jesetleriniň üstüne buşugan dört esgeriň hereketini “aňrybaş derejede gynançly” diýip häsiýetlendirdi.

Panetta özüniň bu wideony derňemegi buýrandygyny aýtdy we bu hadysa gatnaşan esgerleriň doly jogapkärçilige çekiljegini wada berdi.

Habar gulluklary biraz soň, Deňizçiler korpusynyň ady aýdylmadyk resmisine salgylanyp, bu widoýazgy bilen ilteşiklilikde güman edilýän esgerleriň harby birikmeleriniň anyklanandygyny ýazdylar.

Şularalykda bir goşun resmisi BBC-ä wideoda görkezilen esgerleriň azyndan ikisiniň şahsyýetiniň anyklanandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG