Sepleriň elýeterliligi

Moskwada täjik oppozisiýasynyň lideri pyçaklandy


Moskwada täjik oppozisiýasynyň liderleriniň biri pyçaklandy. Bu waka penşenbe güni agşam boldy.

Habar gulluklarynyň ýazmagyna görä, täjik oppozisiýasynyň liderleriniň biri we tanymal žurnalist Dodojan Atawullaýew Komsomol prospektiniň ugrundaky “Wiadžio” restoranynda agyr ýaralanyp, hassahana ýerleşdirildi.

“Interfaks”, kanun goraýjylara salgylanyp, žurnaliste edilen hüjümiň tabşyryk esasynda guralan bolmagynyň ahmaldygyny ýazýar.

Aýdylmagyna görä, Atawullaýew duşuşyga çagarylýar we ol restorana gelende bir nätanyş oňa iki gezek pyçak urýar.

Dodojan Atawullaýew “Watandor” täjik hereketiniň lideri bolup, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň berk tankytçysy hökmünde tanalýar. Ol birnäçe ýyl mundan öň, syýasy sebäpler esasynda, Orsýete emigrasiýa gelipdi.
XS
SM
MD
LG